«Bütindünýä at güni – 2026-nyň» resmi nyşany tassyklanyldy

  • 29.03.2026 15:45
  • 5.3k+

Mongoliýanyň premýer-ministriniň orunbasary Ganhýug Hassuýuranyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisde «Bütindünýä at güni – 2026» halkara çäresiniň resmi nyşany tassyklanyldy. Bu barada MiddleAsianNews neşiri habar berýär.

Bäsleşige 30 sany suratkeşden jemi 63 sany iş gelip gowuşdy. Işçi toparynyň agzalarynyň köpüsi heýkeltaraş Oçirbold Aýuurzanyň döreden «Asman aty» taslamasyny goldadylar.

Mejlisde esasan çäräniň maksatnamasy, şygary, atly ýörişiň ugry we çykdajysy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmak üçin 15 sany döwlet we jemgyýetçilik guramasyna çakylyk ugradyldy. Çagyrylanlaryň arasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeniýet ministrleri hem bar.

Şeýle-de halkara at çapyşyklarynyň düzgünnamasyny taýýarlamak we gatnaşyjylary hasaba almak boýunça hem degişli tabşyryklar berildi.

Bu çäräniň nyşanynyň Mongoliýada saýlanmagy tötänden däldir. Çünki mongollar hem edil türkmenler ýaly, ata diňe jandar hökmünde garaman, eýsem ony wepaly dost we ýaşaýyşda adama zerur bolan gymmatlyklaryň biri diýip kabul edýärler.  

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda 2026-njy – ýylky ýylynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň bedew ata bolan uly hormatynyň nyşanydyr. Şeýle-de her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabara bilen toýlanylýandygyny-da bellemek buýsançlydyr. 


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......