AFK 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň bije çekişlik dabarasyny yza süýşürdi

  • 29.03.2026 15:26
  • 3.3k+

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny näbelli möhlete geçirdi. Aslynda bu çäre 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Er-Riýad şäherinde geçmelidi.

Täze ýagdaý hakda guramanyň resmi saýtynda: «Bu karar ähli degişli taraplaryň bije çekişlik dabarasyna bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, düýpli seljermelerden soň kabul edildi. AFK bije çekişlik dabarasyny meýilnama laýyklykda geçirmäge doly taýýarlygy üçin Saud Arabystanynyň guramaçylyk komitetine minnetdarlyk bildirýär» diýen görnüşde habar ýerleşdirildi.

Bu kararyň kabul edilmegine Ýakyn Gündogardaky durnuksyz syýasy ýagdaýlar we howpsuzlyk meseleleri sebäp boldy. AFK öz bähbitlerinden gatnaşyjy taraplaryň we myhmanlaryň abadanlygyny has ilerde goýdy.

2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň Saud Arabystanynyň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek iň uly futbol ýaryşydygyny bellemek gerek. Täze bije çekişligiň senesi barada goşmaça maglumat soňra mälim ediler.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......