FIFA Dünýä çempionaty — 2026-da oýun düzgünlerine birnäçe üýtgeşme girizmegi meýilleşdirýär – insaýder

  • 29.03.2026 20:59
  • 6.7k+

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynda oýun düzgünlerine üýtgeşmeleri girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada žurnalist Gaston Edul habar berdi. Häzirki wagtda bu maglumatyň resmi tassyklanmasy ýok.

Hödürlenilýän täze düzgünleriň arasynda oýunçy çalşygynyň wagtyny çäklendirmek bar: oýunçy meýdançany 10 sekundyň dowamynda terk etmeli. Eger bu möhlet berjaý edilmese, täze girýän oýunçynyň oýna goşulmagy gijikdiriler we topar bir minudyň dowamynda bir oýunçy azlykda galar.

Şeýle hem topy meýdançanyň gyrasyndan (autdan) oýna girizmegiň we derwezeden urgy urmagyň wagtyny bäş sekunda çenli azaltmak teklip edilýär. Düzgün bozulsa, topa eýelik etmek hukugy garşydaş tarapa geçer.

Meýdançada lukmançylyk kömegi berilýän oýunçy azyndan bir minutlyk oýundan çykmaly bolar. Diňe sary ýa-da gyzyl duýduryş bilen jezalandyrylan düzgün bozulmasy netijesinde şikes alnan ýagdaýlar muňa kadadan çykma hökmünde garalar.

VAR ulgamy meýdançadan kowulmaga sebäp bolýan ikinji sary duýduryşlary, şeýle hem ýalňyş berlen burçdan urgulary gaýtadan gözden geçirmek hukugyna eýe bolup biler.

Goşmaça hökmünde, diňe toparyň kapitanynyň düşündiriş sorap eminlere ýüz tutup biljekdigi baradaky düzgüni güýçlendirmek meýilleşdirilýär. Beýleki oýunçylara munuň üçin duýduryş berilmegi mümkin.

Şol bir wagtda, FIFA ýaryş üçin biletleriň satuwynyň soňky tapgyryny yglan etdi. Ol 1-nji aprelde başlar we finala çenli dowam eder. Oýunlar 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Eýýäm bir milliondan gowrak bilet satyldy, ýöne isleg heniz hem ýokary bolmagynda galýar. Şunuň bilen birlikde, guramanyň baha syýasaty muşdaklar we "Football Supporters Europe" guramasy tarapyndan birnäçe gezek tankyt edildi, hatda Ýewropa Komissiýasyna şikaýat hem ýollandy.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......