Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

  • 31.03.2026 10:51
  • 14k+

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal eýelese, üçünji orunda «Realyň» bombardiri Kilian Mbappe ornaşdy.

Sanawy düzenleriň «Bawariýanyň» oýnuna haýran galandyklary bildirýär, sebäbi ilkinji bäşlikde bu toparyň üç oýunçysy – Maýkl Olise we Luis Dias degişlilikde dördünji we bäşinji orunlary eýelediler. Sanawa Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň wekilleri we MLS-den bir oýunçy (onuň kimdigi köre hasa) girdi.

Dalaşgärleriň doly sanawy :

  1. Garri Keýn («Bawariýa»);
  2. Lamin Ýamal («Barselona»);
  3. Kilian Mbappe («Real»);
  4. Maýkl Olise («Bawariýa»);
  5. Luis Dias («Bawariýa»);
  6. Erling Holand («Mançester Siti»);
  7. Rafinýa («Barselona»);
  8. Winisius Žunior («Real»);
  9. Deklan Raýs («Arsenal»);
  10. Witinýa («PSŽ»);
  11. Lionel Messi («Inter Maýami»);
  12. Federiko Walwerde («Real»);
  13. Gabriel («Arsenal»);
  14. Pedri («Barselona»);
  15. Bruno Fernandeş («Mançester Ýunaýted»).

Häzirki wagtda bu baýragyň eýesi «PSŽ»-niň hüjümçisi Usman Dembeledir.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......