Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

  • 31.03.2026 09:18
  • 4.9k+

Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

Yzyna çagyryş kampaniýasyna 318 müňe golaý Highlander krossoweri, şeýle hem Hytaý bazary üçin ýörite işlenip düzülen Crown Kluger modeliniň 243 müňe golaýy degişli. Bu model kuzowynyň uzynlygynyň 50 mm artykmaçlygy we salonyň has gymmat bezegi bilen tapawutlanýar.

Kadalaşdyryjy edaranyň maglumatyna görä, mesele yzky oturgyjyň arkalygyny sazlaýjy mehanizm bilen baglanyşyklydyr. Yzyna gaýtaryjy pružinanyň aşa artyk güýçli bolmagy sebäpli, oturgyjyň arkalygy gowy berkidilmän biler, bu bolsa heläkçilik bolan ýagdaýynda şikes almak töwekgelçiligini artdyrýar.

Mundan ozal Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli hem yzyna çagyrylypdy. Onuň sebäbi multimedia ulgamynyň programma üpjünçiligindäki näsazlyk bolup, ol programmany täzelemek arkaly düzedilýär.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......