Italiýadaky hususy muzeýden Renuaryň, Matissiň we Sezannyň gymmatbaha eserleri ogurlandy

  • 30.03.2026 15:11
  • 4k+

Parma şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Magnani Rocca Foundation» hususy muzeýinden Pýer Ogýust Renuaryň, Anri Matissiň we Pol Sezannyň üç sany asyl nusgadaky eseri ogurlandy. La Repubblica neşiriniň habar bermegine görä, bu işleriň umumy bahasy iki-üç million ýewro barabardyr.

Ogrulyk 23-nji mart gijesi bolup geçdi. Maglumatlara görä, jenaýatçylar aslynda dört sany suraty alyp gitmegi meýilleşdiripdirler. Ýöne atanlykda olaryň birini wakanyň bolan ýerinde galdyrypdyrlar.

Ogurlanan eserleriň içinde Renuaryň 1917-nji ýylda döreden «Balyklar» («Рыбы»), Sezannyň 1890-njy ýyldaky «Üljeli natýurmort» («Натюрморт с вишнями»), Matissiň 1922-nji ýylda çeken «Eýwandaky keniz» («Одалиска на террасе») atly işleri bar.

Derňew işlerini Parmanyň karabinerleri we medeni mirasy goramak bölümi alyp barýarlar. Olar häzirki wagtda wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny öwrenýärler. Muzeýiň wekilleriniň aýdyşyça, ogrylar jenaýaty üç minuta-da ýetirmän amala aşyrypdyrlar. Munuň özi talaňçylaryň aňrydan örän jikme-jik meýilnama düzüp gelendiklerini aňladýar.

«Magnani Rocca Foundation» Italiýanyň iň iri hususy çeperçilik muzeýi hasaplanylýar. Onuň gymmatly kolleksiýasynda Tisianyň, Dýureriň, Rubensiň, Goýanyň, Kanowanyň, Moneniň, Renuaryň, Sezannyň we Jorjo Morandiniň eserleri saklanýar.


21.06.2026 16:13
4.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......