1.8k+

Alymlar ähli janly-jandardan hem gadymy genleri tapdylar

Häzirki zaman organizmleriniň ählisiniň nesil daragty takmynan dört milliard ýyl ozal ýaşan iň irki uniwersal umumy kowumbaşylara baryp direýär. Emma ABŞ-ly alymlar mundan hem aňryk gidip, «uniwersal paraloglar» diýlip atlandyrylýan ýörite genleri öwrendiler...

2.7k+

Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesini siňdirip, ony ýyllar boýy saklamaga we soňra zerur wagty ýylylygy bölüp çykarmaga ukyply organiki birleşmäni döretdiler. Laboratoriýa barlaglarynda bu ýylylygyň otag temperaturasyndaky suwy gaýnatmaga ýetýändigi subut edildi...

2.7k+

Sony oýunlaryň göwrümini 100 GB-dan 100 MB-a çenli kiçeltjek tehnologiýany patentledi

​Sony ýapon kompaniýasy wideooýunlary saklamagyň täze tehnologiýasy üçin patent hasaba aldy diýip, Tech4Gamers neşiriniň žurnalistleri habar berdiler. ​2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda tabşyrylan patente görä, ulgam maglumatlaryň bulutly akymlaýyn berlişini (streaming) we oýunlaryň lokal işledilmegini birleşdirýär...

2.3k+

Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany 10 mln adamdan geçdi

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask özüniň X sosial ulgamynda Starlink hyzmatyny ulanýanlaryň sanynyň 10 million adama ýetendigini habar berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Starlink-iň dünýäniň 160 ýurdunda we sebitinde 10 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar...

720

Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi

​Google kompaniýasy emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen özara gatnaşygyny  standartlaşdyrmak üçin niýetlenen MCP protokolynyň brauzer görnüşi bolan WebMCP-ni tanyşdyrdy. Bu täze çemeleşme, agentiň HTML koduny derňemezden we ulanyjynyň  basyşlaryny gaýtalamazdan, saýtda amallary ýerine ýetirmek üçin anyk we öňünden kesgitlenen interfeýs almagyny üpjün edýär...

2.3k+

Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi

Emeli hemralara ýangyç guýmak we olary abatlamak üçin orbital beketleriň ulgamyny işläp düzýän Spaceium startapy özüniň esasy tehnologiýasyny üstünlikli synagdan geçirdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa SpaceX Transporter-15 missiýasynyň düzüminde robotlaşdyrylan hereketlendiriji mehanizmi älem giňişligine çykarypdy...

4.9k+

Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy...

7.2k+

Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär...

2.2k+

Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde

Google DeepMind ylmy we inženerçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen Gemini 3 Deep Think modeliniň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Modeliň iň esasy görkezijisi — ARC-AGI-2 testinde 84,6% netije görkezmegidir. Bu test emeli aňyň ozal görmedik täze abstrakt meselelerini öwrenilen maglumatlara esaslanman, diňe logika arkaly çözmek ukybyny barlaýar...

3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...

18k+

Fransuz alymlary 10 günläp ýatmaga razy bolanlara 5000 ýewro töleýär

Tuluzadaky Kosmos medisinasyny we fiziologiýasyny öwreniş instituty geljekki kosmos uçuşlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, açlyk we ýatmak düzgünini barlamak üçin meýletinçileri gözleýär. Barlaga sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän 20–40 ýaş aralygyndaky erkek adamlar çagyrylýar...

2k+

Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy

Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy...

2.9k+

Alymlar möý kerebiniň berk we çeýeliginiň sebäbini anykladylar

Londonyň Patyşalyk kollejiniň we San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary möý kerebine bir wagtyň özünde hem ýokary berklik, hem-de çeýelik berýän molekulýar prosesleri ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi...

3.6k+

Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler

Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler...

6.4k+

Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy...

4.3k+

Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi...

2.2k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...