Windows 11 удалось запустить на новом бюджетном MacBook Neo

  • 17.03.2026 16:47
  • 990

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi.

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär. Häzirlikçe diňe başlangyç synaglar geçirildi, has düýpli barlaglar we optimallaşdyryş işlerine ýakyn hepdelerde garaşylýar.

Mundan ozal hünärmenlerde A18 Pro prosessory boýunça käbir soraglar bardy. Adatça, macOS üçin niýetlenen gurallar M seriýaly çipler üçin optimallaşdyrylýar. iPhone-larda ulanylýan A-çipler hem ARM arhitekturasyny ulanýan bolsa-da, olaryň apparat wirtualizasiýasyny goldaýandygy näbellidi. Synaglar A18 Pro prosessorynyň «Parallels Desktop» arkaly wirtual maşynlary işletmek üçin zerur funksiýalarynyň bardygyny görkezdi.

Kompaniýa MacBook Neo-da Windows-yň MacBook Air ýa-da Pro modellerine garanyňda has haýal işlemeginiň mümkindigini belleýär. Munuň esasy sebäbi — operatiw ýadynyň (RAM) 8 GB möçberinde bolmagydyr. Windows wirtual usulda işledilende takmynan 4 GB ýady ulanýar, şonuň üçin hem serişdeler Windows we macOS arasynda paýlanylýar.

Işläp düzüjiler bu enjamda ýönekeý we uly güýç talap etmeýän programmalary ulanmagy maslahat berýärler.

Öz wagtynda Windows 8-iň işlenip düzülmegine ýolbaşçylyk eden Microsoft-yň öňki wise-prezidenti Stiwen Sinofski şahsy ulanmagy üçin MacBook Neo satyn alandygyny we ondan «örän täsirlenendigini» aýtdy. Ol Apple kompaniýasyny «ýene bir gezek ajaýyp önüm döredendigi» bilen gutlady.

Onuň sözlerine görä, Neo iş wezipelerini gowy ýerine ýetirýär, pes öndürijilik we 8 GB operatiw ýat ýaly kemçilikler bolsa doly kabul ederliklidir.


02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink поможет Microsoft сократить глобальное неравенство в доступе к интернету

Microsoft обеспечила доступ к интернет-связи для 299 миллионов человек по всему миру. Для продолжения инициатив в данном направлении компания заключила соглашение о сотрудничестве со Starlink, сообщает корпорация в своем официальном блоге...

20.02.2026 12:27
908

Microsoft и Ericsson объединяют технологии для постоянного 5G-подключения в ПК

Компании Microsoft и Ericsson объявили о совместной работе над более глубокой интеграцией технологий 5G в компьютеры под управлением Windows 11 с поддержкой ИИ. Новая инициатива направлена на упрощение использования мобильных сетей на корпоративных ноутбуках...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft представила MAI-Image-1 — собственный ИИ-генератор реалистичных картинок

Компания Microsoft представила собственный генератор изображений на базе искусственного интеллекта — MAI-Image-1. Это первая модель для создания фотореалистичных картинок, полностью разработанная внутри самой корпорации...

26.07.2025 16:58
1.9k+

Ноутбук Surface Laptop 5G от Microsoft получил NPU, выполняющий 40+ трлн операций в секунду

Microsoft анонсировала корпоративную версию ноутбука Surface Laptop 5G с гибридной связью. Устройство поступит в продажу 26 августа по цене от $1799, пишет The Verge. Новинка оснащена лотком для nano-SIM и модулем eSIM, обеспечивающими подключение к сетям 5G без зависимости от Wi-Fi...