Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

  • 02.03.2026 11:03
  • 1.6k+

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär.

Microsoft 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 250 million ulanyjyny gurşap almak baradaky başlangyç meýilnamasyndan eýýäm geçdi. Häzirki wagtda Starlink bilen hyzmatdaşlyk oba ýerlerinde we uzakdaky sebitlerde tor mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Taslama pes orbitadaky hemra aragatnaşygyny ýerli jemgyýetler arkaly ornaşdyrmak modelleri bilen birleşdirýär.

«Starlink bilen hyzmatdaşlygyň saýasynda, Microsoft pes orbitadaky hemra aragatnaşygyny ýerli jemgyýetlere esaslanýan ornaşdyryş modelleri we ýerli ekoulgamynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen utgaşdyrýar» diýip, kompaniýa belledi.

Bu täze gatnaşyk korporasiýanyň Latyn Amerikasyndaky, Afrikadaky we Hindistandaky prowaýderler bilen alyp barýan häzirki işleriniň üstüni ýetirer. Keniýada «Mawingu Networks» operatory bilen bilelikde eýýäm 450 sany jemgyýetçilik merkezini internete birikdirmek işleri alnyp barylýar.

Microsoft-yň maglumatlaryna görä, planetamyzda 2,2 milliard adam heniz hem internete elýeterlilikden mahrum bolup galýar, emeli aňyň ösmegi bolsa bu aratapawudy has-da ulaldyp biler.


düýn 00:31
1.7k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

02.04.2026 11:08
4.6k+

Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýrançylyga uçrady

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýran boldy we kosmos galyndysyna öwrüldi. Bu soňky üç aýyň dowamynda şeýle wakanyň ikinjisidir....