Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

  • 17.10.2025 00:39
  • 2.5k+

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr.

Kompaniýanyň bellemegine görä, MAI-Image-1 tizligi, takyklygy we realistik görnüşi bilen tapawutlanýar. Işläp taýýarlama döwründe dizaýnerleriň we suratkeşleriň pikirleri hem göz öňünde tutulyp, gaýtalanýan ýa-da birmeňzeş netijelerden gaça duruldy.
Model eýýäm LMArena reýtinginde dokuzynjy orny eýeledi. Şekil hil babatda ol OpenAI (ChatGPT) we Google (Gemini) modellerinden birneme pes bolsa-da, durnukly öndürijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Microsoft MAI-Image-1-niň işini görkezmek üçin birnäçe mysal paýlaşdy, şolaryň biri — Kaliforniýanyň ýer guşunyň şekili boldy. Ýakyn wagtda bu model Microsoft ekoulgamynyň bir bölegine öwrülip, Copilot kömekçisine we Bing gözleg ulgamyna goşular.
Täze generator, Microsoft-yň MAI-Voice-1 ses guralynyň we MAI-1-preview çat-botunyň dowamy bolup, kompaniýanyň OpenAI bilen gatnaşyklary kynlaşan şertlerinde öz emeli aň ulgamlaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegi hökmünde garalýar.


16.05.2026 23:58
2.9k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
992

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...