Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy

  • 26.07.2025 16:58
  • 1.9k+

Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan  satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar.

Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär.
Esasy aýratynlygy noutbugyň ýagdaýyna baglylykda signaly awtomatik usulda optimallaşdyrýan alty antenna ulgamydyr. Bu hereketde durnukly baglanyşygy üpjün edýär we enjamy ykjam elýeterlilik nokat hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Noutbuk Intel Core Ultra 5 ýa-da 7 (Series 2) prosessorlarynda işleýär hem-de emeli aň meseleleri üçin NPU-tizlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, sekuntda 40 trilliondan gowrak amaly ýerine ýetirýär.
Onuň iki konfigurasiýasy bar:

  • 16GB RAM we 256GB SSD - 1799 dollar;
  • 32 GB RAM we 1TB SSD - 2699 dollar.

17.03.2026 16:47
961

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
886

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...