Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi

  • 11.03.2026 15:23
  • 8.9k+

Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi.

Saçyň işjeň ösüşi dynç alyş we saçyň düşmeginiň gezekleşmeginde belli bir tapgyrlarda bolup geçýär. Ozal alymlar barlaghanalarda saç köküni döretmäge çalşypdylar. Emma emeli usul bilen döredilen saçlar bir gezek ösüp düşeninden soň, kök ölýärdi we gaýtadan ösüş tapgyryna geçip bilmeýärdi.

Professor Takasi Sutziniň ýolbaşçylygyndaky toparyň tapan täze goşundysy — saçyň ýanyndaky mezenhima (ABM) öýjükleridir. Bu öýjükleriň ulgama goşulmagy saçyň düýbüniň doly derejede emele gelmegine mümkinçilik berdi. Syçanlar arkaly geçirilen tejribeler bioinženerçilik usuly bilen döredilen bu kökleriň dokumalara uýgunlaşýandygyny we saçyň ösüşini birnäçe gezek gaýtadan dikeldýändigini görkezdi.

Şunlukda açyş saçyň tebigy usulda gaýtadan ösmegi üçin zerur bolan iň az öýjük toplumyny anyklamaga kömek etdi. Geljekde bu usul alopesiýany (saç düşmäni) bejermekde ulanylyp bilner. Onuň esasynda näsagdan alnan öýjükler barlaghanada köpeldiler we soňra taýýar kökler saçyň dökülen ýerlerine göçüriler.

Maglumatlara görä, diňe Ýaponiýanyň özünde 2,5 milliondan gowrak adam saç düşmeden ejir çekýär. Dünýäde saçy gaýtadan ösdürmek bazarynyň ýakyn on ýyllykda 15 milliard dollardan geçjekdigi çaklanylýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....