xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

  • 10.03.2026 17:04
  • 1.7k+

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar.

Bu ulgam duýgulary we äheňi gönümel tekstiň içinde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjy tekst ýazylan wagty oňa ýörite görkezmeleri — dyngylary, gülkini ýa-da beýleki elementleri goşup bilýär.

Tekstde «[pause]» (dyngy) ýa-da «[laughter]» (gülki) ýaly buýruklary, şeýle hem ýörite tegleri ulanmak bolýar. Meselem, <whisper></whisper> tegi sözlemi pyşyrdy bilen aýtdyryp, <slow></slow> tegi bolsa sözleýişi haýalladyp bilýär. Ulanyjylaryň ilkinji synlaryna görä, ulgam goşmaça sazlamasyz dyngylary, gülkini, üflemeleri we dem alşy, şeýle hem sesiň belent-pesligini hem gürleýiş tizligini takyk gaýtalaýar.

Hyzmatyň API-si «WebSocket» tehnologiýasy bilen üpjün edilen. Bu bolsa sesi hakyky wagt tertibinde bermäge şert döredýär. Ulgam MP3 we «mu-law» ýaly dürli audio formatlar bilen işlemäge-de ukyplydyr.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......