Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi

  • 23.03.2026 14:05
  • 9.6k+

Ýaponiýanyň täze reaktiw uçary Kawasaki EC-2 özüniň geň we adatdan daşary daşky keşbi bilen köpçüligiň, esasan hem awiasiýa höwesjeňleriniň ünsüni çekdi.

Ýük daşaýjy uçaryň binýadynda döredilen bu model, özüniň «çişen» burny we göwresiniň ýokarky bölegindäki iki sany äpet büküri bilen beýleki uçarlardan düýpli tapawutlanýar.

​Elbetde bu betgelşikligiň möhüm sebäbi-de bar. Bu uçar uzak aralykdan radioelektron söweşlerini alyp barmak üçin niýetlenendir. Ol elektromagnit spektrini ulanyp, garşydaşynyň ulgamlaryna we radarlaryna täsir etmäge ukyplydyr.

Täze EC-2 öňki EC-1 modeliniň ornuny tutar. Bu täsin «polat guşuň» suratlary eýýäm sosial torlarda giňden ýaýrady we uly gyzyklanma döretdi.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......