«Woýajerler» Gün ulgamyndan daşlaşýar, emma wagtlaýynça Ýer bilen ýakynlaşýar: Nädip?

  • 16.03.2026 11:08
  • 1.5k+

1970-nji ýyllarda älem giňişligine uçurylan «Woýajer-1» we «Woýajer-2» planetara stansiýalary 40 ýyldan gowrak wagt bäri Gün ulgamyndan daşlaşyp gelýärler. «Woýajer-1» 2012-nji ýylda, «Woýajer-2» bolsa 2018-nji ýylda ýyldyzara giňişlige çykdy. Iki apparat hem göni traýektoriýa boýunça hereket edip, Ýerden we Günden kem-kemden daşlaşmagyny dowam etdirýärler.

Emma astronomlar ýylyň dowamynda birnäçe aýlap zondlar bilen Ýeriň arasyndaky uzaklygyň wagtlaýynça azalýandygyny belleýärler. Bu ýagdaý apparatlaryň ugruny üýtgetmegi bilen bagly däldir.

Munuň sebäbi Ýeriň Günüň töwereginde aýlanmagy bilen düşündirilýär. Biziň planetamyz sekuntda takmynan 30 km tizlik bilen hereket edýär — bu tizlik zondlaryň daşlaşma tizliginden has ýokarydyr: «Woýajer-1» sekuntda takmynan 17 km, «Woýajer-2» bolsa takmynan 16 km tizlik bilen daşlaşýar.

Ýylyň belli bir döwründe Ýer apparatlara bölekleýin «ýetýär», şonuň üçin hem olaryň arasyndaky aralyk wagtlaýynça gysgalýar. Mysal üçin, 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda «Woýajer-2» Ýerden 143,09 astronomik birlik (a.b.) uzaklykda ýerleşipdir. Iýun aýynyň başyna çenli bu görkeziji takmynan 143,4 a.b. çenli azalar (iň pes nokadyna ýeter), şondan soň bolsa täzeden artyp başlar.

Şeýlelikde, bu wagtlaýyn ýakynlaşma asman mehanikasynyň kanunlary we Ýeriň öz orbitasyndaky hereketi bilen düşündirilýär. Apparatlaryň özi bolsa Gün ulgamyndan hemişelik daşlaşmagyny dowam etdirýärler.


07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

30.05.2026 01:11
1.5k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......