Plastik galyndysyny Parkinson keselini bejermek üçin dermana öwürdiler

  • 19.03.2026 20:10
  • 3k+

Edinburg uniwersitetiniň ylmy barlagçylary PET-plastigini Parkinson keselinde ulanylýan «lewodopa» dermanyna öwürmegiň usulyny işläp düzdi. Tehnologiýanyň beýany «Nature Sustainability» žurnalynda neşir edildi.

Bu amal plastigiň tereftal turşusyna çenli bölünmegi bilen başlanýar. Soňra bolsa bu madda genetikasy üýtgedilen içege taýajygy bakteriýalary üçin iýmit çeşmesi hökmünde ulanylýar. Mikroorganizmleriň içinde birnäçe biohimiki reaksiýalar bolup geçýär we netijede «lewodopa» emele gelýär.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, dünýäde her ýyl, takmynan, 50 million tonna PET-plastigi öndürilýär we onuň ep-esli bölegi gaýtadan işlenilmeýär. Täze çemeleşme galyndylary çig mal hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bu usul gazylyp alynýan tebigy baýlyklary talap etmeýär we himiki maddalaryň ulanylyşyny azaldýar. Bu işläp düzme «ýokary derejeli gaýtadan işleme» toparyna degişli bolup, onda galyndylar has gymmatly önümlere öwrülýär.

Häzirlikçe tehnologiýa barlaghana şertlerinde synag edildi. Indiki tapgyrda alymlar bu amalyň netijeliligini ýokarlandyrmagy we çykdajylary azaltmagy maksat edinýär.

 


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......