Alymlar Gün partlamalaryny onuň sesinden çaklamagy öwrendiler

  • 13.03.2026 19:52
  • 2.9k+

Birmingem we Ýel uniwersitetleriniň alymlary Güne 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde toplanan maglumatlary seljerdiler. Olar onuň akustiki titremeleriniň ýyldyzyň içinde bolup geçýän prosesleri öňünden çaklamakda ulanylyp bilinjekdigi baradaky netijä geldiler.

Gün plazmasynda gabalan ses tolkunlary ýyldyzyň titremesini döredýär, bu bolsa onuň içki gatlaklarynyň ýagdaýyny partlamalar bolmazdan has öň kesgitlemek üçin ulanylyp bilner.

Bu barlagda BiSON ulgamyndaky alty teleskopdan alnan maglumatlar ulanyldy. Barlagçylar Gün siklleriniň arasyndaky dört asuda döwri, ýagny 21-nji aýlawdan 25-nji aýlawlara çenli barladylar. Taryhda iň çuň we uzyn hasaplanýan 2008-2009-njy ýyllaryň asudalygyna aýratyn üns berildi.

Seljermeler Günüň içki gurluşynda üýtgeşmeleriň şu görünýän asuda döwürde bolandygyny görkezdi. Daşky gatlaklardaky sesiň tizligi ýokarlandy we geliý süýşmesi diýilýän ýerden gelýän signal adatdakysyndan has güýçli boldy. Bu bolsa gazyň basyşynyň we temperaturasynyň ýokarydygyny, şeýle hem magnit meýdanlarynyň gowşaýandygyny görkezýär.

Bu proseslere düşünmek kosmosyň howasyny öňünden çaklamak üçin möhümdir. Gün partlamalary we plazma zyňyndylary radio aragatnaşygyny bozup, hemralary hatardan çykaryp biler. Bu barlag asuda döwürlerde akustik yrgyldamalaryň üýtgemeleriniň geljekde Günüň işjeňliginiň iň ýokary derejeleriniň güýjüni kesgitlemek üçin ulanylyp bilinjekdigini görkezdi.


14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

08.06.2026 16:45
4.4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......