Fransiýada Arhimediň golýazmasynyň ýiten sahypasy tapyldy

  • 16.03.2026 15:30
  • 2.4k+

Fransiýaly barlagçy Wiktor Gisemberg Blua şäheriniň muzeýinden «Arhimediň palimpsestiniň» ýiten 123-nji sahypasyny tapdy. Bu barada Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezi (CNRS) habar berdi.

Tapylan sahypada Arhimediň «Sfera we silindr barada» atly traktatynyň bir bölegi ýerleşýär. Mundan ozal bu sahypa golýazmanyň beýleki iki sahypasy bilen bilelikde ýiten hasaplanýardy.

«Arhimediň palimpsesti» — X asyra degişli bolan we Wizantiýada näbelli awtor tarapyndan döredilen grek golýazmasydyr. Onda gadymy grek alymynyň birnäçe ylmy işleri ýygnalan bolup, olaryň käbirleri başga çeşmelerde saklanyp galmandyr. Orta asyrlarda pergamenti täzeden ulanmak üçin ondaky ýazgylar bölekleýin öçürilipdir.

Golýazma ilki Ierusalimde, soňra bolsa Konstantinopolda saklanypdyr. 1906-njy ýylda daniýaly alym Ýohan Lýudwig Heýberg onuň sahypalaryny surata düşürip, mazmunyny resmileşdiripdir. Bu suratlar häzirki güne çenli Daniýanyň Patyşa kitaphanasynda saklanýar.

Wiktor Gisemberg tapylan sahypany Heýbergiň düşüren suratlary bilen deňeşdirip, onuň hakykatdan hem «Arhimediň palimpsestine» degişlidigini anyklady.

Sahypanyň bir tarapynda, doga tekstiniň aşagynda traktatyň bölekleri we geometrik şekiller görünýär. Suratynyň aşagyndaky ýazgyny häzirlikçe okap bolmady.

Häzirki wagtda bu golýazma ABŞ-nyň Baltimor şäherindäki Wolters muzeýinde saklanýar.


düýn 19:44
729

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

04.06.2026 18:07
6.9k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 23:06
3.8k+

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

25.05.2026 20:57
4.2k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......