2.4k+

«Çirkin ses 7» kinofranşizanyň taryhynda iň şowly başlangyç görkezdi

«Çirkin ses 7» filmi franşizanyň taryhyndaky iň girdejili başlangyjy görkezdi. Görkezilişiň ilkinji hepdesinde 45 million dollarlyk býujetli horror-film dünýäde 97 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Marketinge näçe çykdajylary edilenligi barada anyk maglumat ýok...

7.7k+

Mark Sukerberg «bunker-adada» 170 million dollara emläk satyn aldy

Amerikaly telekeçi Mark Sukerberg aýaly Prissilla Çan bilen bilelikde Indian-Krik emeli adasynda rekord 170 million dollara emläk satyn aldy. Bu barada Bloomberg agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi. Bu ada «milliarderleriň bunkeri» hökmünde hem tanalýar...

6.1k+

Robot hakynda 19-njy asyrda düşürilen film tapyldy

ABŞ-nyň Kongress kitaphanasynda kino sungatynyň kerwenbaşylarynyň biri hasaplanýan fransuz režissýory Žorž Melýesiň uzak wagtlap ýitirilen hasaplanyp ýörlen filmi tapyldy. Bu barada kitaphananyň blogunda habar berilýär...

1.1k+

Aşgabatda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlangyçlary we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3...

2.8k+

Baýramçylyk maslahatynda zenanlaryň we eneleriň ornuna ähmiýet berildi

2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy...

6.6k+

«Garadangaýtmaz» serialyndaky pizza zyňlan jaý 1,3 mln dollara satyldy

Albukerke şäherinde (Nýu-Meksiko, ABŞ) ýerleşýän we «Garadangaýtmaz» («Во все тяжкие») serialynda Wolter Waýtyň öýi hökmünde tanalýan jaýyň indi täze eýesi bar. Strimer Edin Ross bu gozgalmaýan emlägi 1,3 million dollara satyn aldy diýip, «New York Post» neşiri ýazýar...

5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

3.1k+

Brit Awards 2026-nyň dört baýragyny Oliwiýa Din gazandy

26 ýaşly britan aýdymçysy Oliwiýa Din 2026-njy ýylyň Brit Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda esasy ýeňiji boldy. Bu ýyl dabara ilkinji gezek Londonda däl-de, Mançesterdäki Co-op Live arenasynda geçirildi...

968

Spotify-da iň meşhur audiokitaplaryň sanawlary peýda boldy

Spotify kompaniýasy ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar üçin audiokitaplaryň reýting sanawlaryny işe girizendigini yglan etdi. Täze Audiobook Charts bölümi her hepde täzelener we iň meşhur audiokitaplary hem umumy reýtingde, hem-de aýry-aýry žanrlar boýunça görkezer...

4.3k+

3-nji martda 2026-njy ýylyň ilkinji hem ýeke-täk doly Aý tutulmasy bolar

3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi...

1.7k+

ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy...

4.2k+

Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy

Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi. Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy...

4.1k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar...

13k+

Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar...

4.5k+

Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär...

3.7k+

Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler

Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär...

1.3k+

Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär...