Mark Sukerberg «bunker-adada» 170 million dollara emläk satyn aldy

  • 03.03.2026 18:43
  • 7.7k+

Amerikaly telekeçi Mark Sukerberg aýaly Prissilla Çan bilen bilelikde Indian-Krik emeli adasynda rekord 170 million dollara emläk satyn aldy. Bu barada Bloomberg agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Bu ada «milliarderleriň bunkeri» hökmünde hem tanalýar. Žurnalistleriň bellemegine görä, bu satyn alyş Maýaminiň taryhynda iň gymmat şertnama boldy.
— Sukerberg jaýy meşhur plastik hirurgy Aaron Rollinsden we onuň aýaly Marinden satyn aldy. Ýer böleginde gurluşygy bölekleýin tamamlanan jaý ýerleşýär. «Jills-Zeder» toparyndan Jill we Denni Hersberg satyjylaryň wekili hökmünde çykyş etdi — diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýlelikde, Sukerberg Kaliforniýada «milliarderleriň salgydy» baradaky teklipden soň, Maýamidäki iň gymmat jaýlary satyn alan amerikaly milliarderleriň barha giňelýän sanawyna goşuldy. Adada jemi 40-a golaý rezidensiýa bar, olaryň hatarynda «Amazonyň» esaslandyryjysy Jeff Bezosyň, ABŞ-nyň prezidentiniň giýewi Jared Kuşneriň we maliýeçi Karl Aýkanyň hem emläkleri bar.
Mark Sukerbergiň Maýaminiň abraýly sebitinde gozgalmaýan emläk satyn almagy meýilleşdirýändigi barada maglumat fewral aýynyň başynda peýda bolupdy.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
925

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......