Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

  • 28.02.2026 14:06
  • 4.1k+

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi.
Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar. Ol mundan ozal pasporta ýelmenýän wiza ýelmentgileriniň ornuny tutar.
Arza berijileriň wiza statusy baradaky maglumatlar Beýik Britaniýanyň immigrasiýa gulluklarynyň ulgamynda elektron görnüşde saklanýar. Pasportdaky fiziki resminama indi ulanylmaýar.
Ilçihana syýahat wagtynda ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin, täzelenen düzgünler we wiza resminamalaryny resmileşdirmegiň tertibi bilen öňünden tanyşmagy maslahat berýär.
Täze ulgam baradaky goşmaça maglumatlar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň resmi saýtynda ýerleşdirilendir: 
http://gov.uk/eVisa.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......