Brit Awards 2026-nyň dört baýragyny Oliwiýa Din gazandy

  • 02.03.2026 18:21
  • 3.1k+

26 ýaşly britan aýdymçysy Oliwiýa Din 2026-njy ýylyň Brit Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda esasy ýeňiji boldy. Bu ýyl dabara ilkinji gezek Londonda däl-de, Mançesterdäki Co-op Live arenasynda geçirildi. Aýdymçy zenan dalaşgär görkezilen ähli ugurlarynda, ýagny dört nominasiýada baýrak aldy.

Din "Ýylyň artisti" we "Iň gowy pop ýerine ýetirji" diýlip ykrar edildi. Onuň The Art of Loving albomy "Ýylyň albomy" baýragyna mynasyp boldy, Sem Fender bilen bilelikde ýerine ýetiren Rein Me In dueti bolsa "Ýylyň aýdymy" diýlip atlandyryldy.

"Bu albom häzirki yşky-muhabbetden mahrum görünýän dünýäde yşk hem ysnyşyk duýgularyna bagyşlanan" diýip, aýdymçy albom üçin baýragy kabul edip durka aýtdy.

Dabaradaky beýleki ýeňijileriň arasynda Wolf Alice (“Ýylyň topary”), Deýw (“Hip-hop/rep”) we Lola Ýang (“Ýylyň öňdebaryjysy”) bar. Rozaliýa we Nýu-Ýorkly Geese indi-rok topary halkara baýraklaryna mynasyp boldular. PinkPantheress bu baýragy gazanan ilkinji zenan prodýuser boldy.

Mark Ronson ajaýyp goşandy üçin, Noel Gallaher bolsa aýdymlaryň awtorylygy üçin aýratyn sylaglandy (ol öz minnetdarlyk sözünde dogany Liamy we Oasis toparyny hem ýatlap geçdi). Şeron Osborn merhum adamsy Ozzi Osbornyň adyna bütin ömrüne gazanan üstünligi üçin berlen baýragy kabul etdi. Agşam Robbi Wilýamsyň ýerine ýetirmeginde Ozziniň "No More Tears" hit aýdymynyň ýaňlanmagy bilen tamamlandy. 


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......