Barlag: Ýaşlar ekranda supergahrymanlary däl-de, aladaçyl kakalary görmek isleýärler

  • 27.02.2026 20:51
  • 3k+

10-24 ýaş aralygyndaky ýaş tomaşaçylar ekranda däp bolan «çydamly we dymmaga meýilli» gahrymanlary däl-de, eýsem mähirli kakalary we terbiýeçileri görmek isleýärler. Bu barada Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA) geçiren barlagynda aýdylýar.

Barlagyň awtorlarynyň gelen netijelerine görä, şeýle mähirli keşpler ýaşlary adaty söweşiji gahrymanlardan bäş esse köp özüne çekýär.
Hasabatda tomaşaçylaryň bu isleginiň diňe bir kakalar bilen çäklenmän, eýsem has giň gerimi — ýagny erkek terbiýeçileri, tälimçileri we mugallymlary hem öz içine alýandygy bellenilýär.

«Ýaşlar diňe bir "iň gowy kaka" keşbine garaşman, eýsem erkekleriň başgalaryň durmuşyndaky ornuna täzeden seredilmegini soraýarlar. Ol kaka, halypa, tälimçi ýa-da mugallym bolsun — tomaşaçylaryň sargydy birdir» diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu barlag Golliwudy[ prodýuserleriniň arasyndaky giňden ýaýran bir ynanjy — ýagny ýaş ýigitleriň ekranda diňe garaşsyz, fiziki taýdan güýçli «söweşiji» erkekleri görmek isleýändikleri baradaky garaýşy ret edýär. Awtorlaryň pikiriçe, hut şu ýalňyş ynanç sebäpli dünýäni ýeke özi halas edýän supergahrymanlar baradaky filmler aşa köp öndürilýär.
Barlagçylar häzirki nesliň iň gowy görýän keşbi hökmünde «Pitt» teleserialyndaky Noa Waýl tarapyndan janlandyrylan doktor Robbiniň keşbini mysal getirýärler. Ýaşlar bu gahrymana adatdan daşary güýçleri üçin däl-de, eýsem duýgudaşlyk ukyby we gowy halypa bolmagy başarýandygy üçin ýokary baha berýärler.

şu gün 15:47
2.2k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

şu gün 07:53
2.1k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
3.3k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
5k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......