Spotify-da iň meşhur audiokitaplaryň sanawlary peýda boldy

  • 02.03.2026 16:09
  • 974

Spotify kompaniýasy ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar üçin audiokitaplaryň reýting sanawlaryny işe girizendigini yglan etdi. Täze Audiobook Charts bölümi her hepde täzelener we iň meşhur audiokitaplary hem umumy reýtingde, hem-de aýry-aýry žanrlar boýunça görkezer. Bu ulgamyň iş ýörelgesi platformanyň saz we podkast sanawlaryna meňzeşdir.

Reýtingler diňlenme sany we ulanyjylaryň işjeňligi baradaky maglumatlar esasynda düzülýär. Sanawlar "Audiobooks" bölüminde hem mugt, hem-de tölegli abunaçylar üçin elýeterlidir. Olary programmadaky gözleg arkaly degişli bölümi saýlap we sahypanyň aşagyndaky "Dive deeper" bloguna çenli süýşürip tapyp bolýar.

Audiokitap çartlarynyň işe girizilmegi Spotify-yň 2022-nji ýylda başlan bu ugruny ösdürmekdäki nobatdaky ädimidir. Şu wagta çenli serwis birnäçe täze funksiýalary hödürledi, olaryň arasynda: kagyz kitapdan audio kitabyň degişli bölegine geçmäge kömek edýän Page Match gural; eýýäm diňlenen bölümleri ýatlatmak üçin gysgaça audio-mazmunlar bolan Audiobook Recaps gurallary bar.

Kompaniýa täze sanawlaryň diňleýjiler üçin meşhur eserleri tapmagy ýeňilleşdirjekdigine, awtorlar we neşirýatlar üçin bolsa goşmaça mahabat mümkinçiliklerini döretjekdigine ynanýar.

Şeýle hem Spotify kagyz kitaplarynyň bazaryndaky täsirini giňeltmek barada habar berdi: ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar Bookshop.org bilen baglaşylan hyzmatdaşlyk netijesinde kagyz kitaplaryny gönüden-göni programmanyň içinden satyn alyp bilerler.


şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......