Baýramçylyk maslahatynda zenanlaryň we eneleriň ornuna ähmiýet berildi

  • 03.03.2026 13:34
  • 2.8k+

2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.
Maslahatyň dowamynda zenanlaryň çekýän zähmetiniň ähmiýeti, häzirki döwürde milli el hünäriniň ösdürilişi, çagalary terbiýelemekde we maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda eneleriň tutýan orny barada çykyşlar diňlenildi. Nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryň dowamatlylygyna aýratyn üns berildi.
Dabara ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen eserlerde zenanlara bolan hormat, ene söýgüsi, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we milli agzybirlik temalary öz beýanyny tapdy.
Şeýle hem Türkmenistanda zenanlaryň zähmet çekmegi, öz ukyplaryny amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar jemgyýetde zenanlaryň ornuny goldamakda döwlet tarapyndan edilýän alada üçin ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......