Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

  • 03.03.2026 14:57
  • 1.5k+

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar.

Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär. Maks Plank jemgyýetiniň Psiholingwistika institutynyň PLOS Genetics žurnalynda çap edilen makalasynda alymlar, bu düşündirişiň bir böleginiň DNK-da gizlenendigini anykladylar.

Öňki gözlegler gözellige ýa-da owaza imrinme ahwalynyň başdan geçirilýän wagtynda beýniniň neýron ulgamlarynyň işjeňleşýändigini görkezipdi. Bu ýagdaý tagam stimullaryna täsirlenýän ulgamyňkylar bilen meňzeşdir. Adamlaryň duýgurlygyndaky şeýle tapawutlar fiziologik gurluş we beýniniň işi bilen berk bagly bolup durýar.

Şeýle maglumatlara esaslanyp, alymlar Niderlandlaryň demirgazyk böleginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilen «Lifelines» uly göwrümli köp nesilli barlagyň 15 606 gatnaşyjysynyň DNK-syny seljerdiler. Gatnaşanlaryň her biri sungat eserleriniň özlerine nähili täsir edýändigi barada gürrüň berdi.

Täsirlerdäki tapawutlaryň 29%-e çenli böleginiň genetika bilen düşündirilýändigi, şol bir wagtda onuň takmynan üç böleginiň nesilden-nesle geçýän görnüşler bilen baglydygy ýüze çykdy.

Käbir genler aýdym-saza, goşga we şekillendiriş sungatyna bolan täsirlere jogap berýär, beýlekileri bolsa sungatyň her ugry üçin aýratyndyr.

Ylmy işiň netijeleri duýguçyllyk häsiýetiniň biologik esaslaryna düşünmäge kömek edýär we sungatyň näme üçin käbir adamlara has ýiti täsir edýändigini düşündirýär.


şu gün 21:09
221

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 19:40
2.6k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......