Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar

  • 28.02.2026 19:51
  • 5.2k+

Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu kararyň maliýe kynçylyklaryna degişli ýeri ýok. Dorsiniň sözlerinden çen tutsaň, işiň girdejisi we müşderileriň sany barha artmak bilen.  Ol emeli aň ulanmagyň bähbitli tarapyny kompaniýanyň gurmak we dolandyrmak düşünjesini düýpli üýtgedýän täze iş usulyny açýandygynda görýär.

Iş orunlarynyň kemeldilmegi Block-yň işgär sanyny 10 müňden 6 müňe çenli azaldar.

«Men geljek ýyldan başga-da köp kompaniýalaryň şeýle netijä gelip, gurluşlaryny şu kybap üýtgetjekdiklerine ynanýaryn» diýip, Dorsi öz teswirinde ýazýar.

2024-nji ýyldan bäri Block eýýäm birnäçe gezek işgär azaltmak çäresini geçirdi, ýöne munuň emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäplidigini gönümel aýtmagy ilkinji gezekdir. Bu karar tehnologiýa pudagyndaky hünärmenleriň işden çykarylmagyna agramly esas boldy. Mundan ozal Amazon, Meta, Microsoft we Google işgärleriň azaldyljakdygy barada habar beripdiler. Hatda, Meta-ny esaslandyryjy Mark Sukerberg «2026-njy ýyl emeli aňyň iş usulymyzy düýpli üýtgedýän ýyly bolar» diýip, öz beýanatynda-da aýdybam geçipdi.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
7k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...