3-nji martda 2026-njy ýylyň ilkinji hem ýeke-täk doly Aý tutulmasy bolar

  • 02.03.2026 10:16
  • 4.2k+

3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi.

Bu hadysa Ýer şary Gün bilen Aýyň arasynda bir çyzykda ýerleşen wagty başlanar. Alymyň düşündirmegine görä, Gün şöhleleri Ýeriň atmosferasyndan geçende döwülýär: gök reňkler dargap gidýär, uzyn gyzyl tolkunlar bolsa Aýyň ýüzüne ýetip, ony mis ýa-da goňur reňke boýaýar. Reňkiň derejesine stratosferanyň tozany we howa şertleri täsir edýär.

«Gün tutulmalaryndan tapawutlylykda, Aý tutulmalarynyň diňe iki sany esasy görnüşi — bölekleýin we doly görnüşleri bolýar» diýip, Ýewgeniý Burmistrow belleýär.

Tebigy hadysanyň umumy dowamlylygy 5 sagat 39 minut bolar. Doly faza Aşgabat wagty bilen sagat 16:04-den 17:03-e çenli garaşylýar.

Indiki şeýle astronomik hadysa diňe 2028-nji ýylyň 31-nji dekabrynda bolar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

22.04.2026 14:35
8.2k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......