Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

  • 22.04.2026 14:35
  • 8.2k+

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we häkim Gülşat Mämmedowa hasabatlar bilen çykyş etdi. Taslamalaryň ozal berlen maslahatlary nazarda tutmak bilen taýýarlanandygy bellenildi.

Bu ýerde desgalaryň, şol sanda Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeg serişdeleri, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy we binalaryň, hususan-da, Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, desgalaryň bezeg işleri boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we binagärligiň milli däpleriniň innowasion çözgütler bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady. Binalaryň agşamky görnüşlerini has-da gözelleşdirmek üçin yşyklandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmek tabşyryldy. Şeýle hem şäheriň edara ediş desgalarynda, şol sanda duşuşyklar geçirilýän zallarda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin iş zolaklarynda zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygy bellenildi.


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 11:17
9.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
6k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....