«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi

  • 28.02.2026 15:40
  • 3.2k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy.

Bu dabaraly ýöriş toparyň ýanwar aýynda Monte-Karloda geçirilen 48-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünliklerine bagyşlandy. Ol ýerde topar sirk pudagyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy.

Mary şäherinde toparyň agzalary Garaşsyzlyk köçesiniň ugrunda baýramçylyk ýörişini gurap, welaýat kitaphanasyna baryp gördi we bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Esasy dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binasynda boldy. Binanyň öňündäki meýdançada ak öýleriň tärimleri gurnalyp, at esbaplary we şekillendiriş sungatynyň eserleri ýerleşdirildi.

Çykyşlar ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky akrobatik oýunlary hem öz içine aldy. Tomaşaçylara jigitlik sungatynyň çylşyrymly tilsimleri we at üstündäki oýunlar görkezildi. Medeni çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdi, şondan soňra agzaçar sadakasy berildi.


03.06.2026 11:50
2.7k+

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

01.06.2026 00:04
7k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

11.05.2026 22:59
1.4k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

06.05.2026 22:58
7.1k+

«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi täze sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli......