Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

  • 11.05.2026 22:59
  • 1.4k+

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

«Yangi Toshkent Conference Hall» merkezinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň atşynaslary, seçgiçi alymlary, diplomatlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi gatnaşyjylara türkmen halkynyň baý medeni mirasy, amaly-haşam sungaty we behişdi bedewleriň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Maslahatda edilen çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biridigi, taryhyň dowamynda halkyň iň ýakyn hemrasy bolup gelendigi bellenildi. «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu sungatyň dünýä ähmiýetli gymmatlykdygyny tassyklaýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Özbegistandan bolan agzalary Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, atlaryň baş sanyny artdyrmak, tohum arassalygyny goramak we ony ylmy taýdan öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda atçylyk pudagyny ösdürmekde Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ähmiýeti hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara meýdançalaryndaky üstünlikleri dogrusynda täsirli maglumatlar paýlaşyldy.

Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigine hem aýratyn üns çekildi. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak babatda goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden we behişdi bedewleri dünýäde wagyz etmekden ybaratdyr.

Bu halkara ylmy-amaly maslahat türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde we ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hem diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....