«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi täze sürüjileri işe kabul edýär

  • 06.05.2026 22:58
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli sürüjileri işe kabul edýändigini yglan etdi.

Kärhana dürli kysymly döwrebap ulaglarda işlemäge isleg bildirýän hünärmenler üçin täze iş orunlaryny hödürleýär. Ministrligiň berýän habaryna görä, isleg bildirýän sürüjiler aşakdaky ulag serişdelerinde işe ýerleşip biler:

  • «Hyundai Aero City» we «Toyota Coaster» kysymly ýolagçy awtobuslary;
  • «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksiler;
  • «Kamaz» kysymly ýük awtoulaglary.

Bu çäre welaýatyň ilatyna edilýän ýol-ulag hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge we ýurduň ulag-logistika kuwwatyny berkitmäge gönükdirilendir. «Maryawtoulag» birleşigi öz işine jogapkärli çemeleşýän ussat hünärmenlere garaşýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 63 83 26 76.


30.04.2026 17:01
5.7k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

10.04.2026 23:55
10k+

Mary — Türkmenabat ýolunyň hili we howpsuzlygy ISO şahadatnamalary bilen tassyklanyldy

Şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň ýokary hilini we tehnologik taýdan......

09.04.2026 16:01
20k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......

09.04.2026 07:14
9.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada......