Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

  • 09.04.2026 16:01
  • 20k+

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylara täze şäherçe barada giňişleýin  maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Häzirlikçe ady goýulmadyk bu şäherçe Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurlar. Onuň esasy görkezijileri:

  • meýdany 800 gektardan gowrak;
  • 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy;
  • 22 müň 500-den gowrak ýaşaýja niýetlenýär.

Şäherçede ýaşamak üçin ähli şertler dörediler. Şunlukda, aşakdaky desgalary gurmak meýilleşdirilýär:

  • Geňeşligiň edara binasy;
  • 720 orunlyk 6 sany orta mekdep;
  • 320 orunlyk 8 sany çagalar bagy;
  • söwda merkezi;
  • döwrebap hassahana;
  • 2 sany ýangyn howpsuzlyk bölümi;
  • 500 orunlyk Medeniýet öýi;
  • 500 orunlyk Toý mekany;
  • 1000 orunlyk metjit.

Şeýle hem obada häzirkizaman ýaşaýyş-durmuş ulgamlary ornaşdyrylar. Kuwwaty 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, 10 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desga we iki sany kuwwatly elektrik bekedi gurlar.

Döwlet Baştutany dabarada çykyş edip, ýurtda döwrebap ilatly ýerleriň we dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini belledi.

«Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin uly sowgat boldy» – diýip, döwlet Baştutany nygtady. Ol raýatlary oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny aýtdy.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgyly gutujygy we ilkinji beton garyndysyny binanyň düýbüne atdy.


08.06.2026 17:48
6.3k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.2k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....