Mary — Türkmenabat ýolunyň hili we howpsuzlygy ISO şahadatnamalary bilen tassyklanyldy

  • 10.04.2026 23:55
  • 10k+

Şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň ýokary hilini we tehnologik taýdan kämildigini tassyklaýan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.



Açylyş dabarasynda çykyş eden daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri gurluşykda iň döwrebap inženerçilik çözgütleriniň ulanylandygyny nygtady.

Fransiýanyň «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» (GEA) kompaniýasy tarapyndan aşakdaky şahadatnamalar gowşuryldy:

  • Töleg ulgamynyň we akylly wideogözegçilik ulgamynyň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwanama;
  • ISO 9001: Töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň hil şahadatnamasy;
  • ISO 27001: Maglumat howpsuzlygynyň hem-de ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň kiberhowplardan goraglylygynyň şahadatnamasy;
  • ISO 14001: Ekologiýa jogapkärçiliginiň we işleriň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga gönükdirilendigini tassyklaýan şahadatnama;
  • ISO 10012: Ölçeg enjamlarynyň takyklygy we ähli amallaryň aýdyňlygy baradaky şahadatnama.

Hytaýyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bolsa şu güwänamany gowşurdy:

  • Ýol demir germewleriniň taslamasynyň we hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama. Gurluşykda ulanylan inženerçilik çözgütleri we materiallar ISO 1461 , ýewropa standarty EN1317 we halkara ýol howpsuzlygy kadalaryna doly laýyk gelýär.

Daşary ýurtly işewürler ulanylan materiallaryň çydamlylygyny we ygtybarlylygyny belläp, Türkmenistanyň döwrebap ulag infrastrukturasyny ösdürmekde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow taslamanyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünligini görkezýändigini belledi.


düýn 17:01
3.8k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

26.04.2026 13:51
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.7k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......