Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

  • 30.04.2026 17:01
  • 5.8k+

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çäre welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat geňeşi hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde guralýar.

Ýarmarka Mary şäheriniň Sergi zalynda döwlet we hususy edara-kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bolar. Uçurymlar öz hünär başarnyklaryny görkezip we iş berijiler bilen gönüden-göni gatnaşyk gurup biler.

Welaýatyň hususy kärhanalary öz önümleriniň tanyşdyrylyşyny geçirer we gerekli hünärmenleri saýlap alar. Işewürlik wekilleriniň gatnaşmagy uçurymlaryň taýýarlyk derejesiniň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelşine baha bermäge mümkinçilik döreder.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 18:51
9.7k+

Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi......

04.06.2026 17:17
6.2k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......