App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

  • 27.02.2026 19:22
  • 1.3k+

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi. Kompaniýa Braziliýada, Awstraliýada, Singapurda, şeýle-de ABŞ-nyň Ýuta we Luiziana ştatlarynda hereket etjek bu ulgamlaryň işleýiş aýratynlyklary barada käbir jikme-jiklikleri mälim etdi.

Awstraliýadaky, Braziliýadaky we Singapurdaky ulanyjylar, eger öz ýaşyny App Store-yň awtomat görnüşde amala aşyrýan «akylly usullary» arkaly tassyklamasalar, «18+» derejeli programmalary ýükläp bilmezler. Şol bir wagtda, programmadyr oýunlary işläp düzüjiler ulanyjylaryň kämillik ýaşyna ýetendigini özbaşdak barlamak baradaky borçnamalary ýerine ýetirmek ýa-da bu meseläni çözmek üçin Apple-iň geçen ýyl hödürlän «Declared Age Range» atly ýörite API guralyndan peýdalanmak hukugyny saklap galýarlar.
Edil şonuň ýaly-da, 6-njy maýdan başlap Ýuta ştatynda we 1-nji iýuldan Luiziana ştatynda Apple hasaby bolan täze ulanyjylaryň ýaş derejeleri baradaky maglumatlar ýokarda agzalan API guraly arkaly beýleki programma işläp düzüjilere ýetiriler. Bu gurallar olara ulanyjynyň belli bir ýaş aralygyndadygyny barlamaga, şeýle-de çagalar üçin möhüm programma täzelemeleri gurnalan pursadynda ene-atalaryň ýa-da hossarlaryň rugsadyny soramaga mümkinçilik berer.


02.03.2026 22:21
5k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
354

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...