Basym 38 ýaşaýar: Fensi lakamly baýtal dünýäde iň garry at hökmünde ykrar edildi

  • 02.03.2026 11:41
  • 4.6k+

ABŞ-da atlaryň arasynda uzak ýaş rekordy resmi taýdan hasaba alyndy. Wirjiniýa ştatynda ýaşaýan Fensi lakamly baýtal dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan atlaryň iň garrysy hökmünde ykrar edildi — 1-nji aprelde ol 38 ýaşaýar. 

Fensiniň ýaşy resminama arkaly hem tassyklanyldy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Atlaryň ortaça 25-30 ýaşaýandygyny göz öňünde tutsaň, bu san hakykatdan hem haýran galdyrýar.

Fensi 1988-nji ýylda doguldy. Onuň ömri eýesi Peýj Sigmon Blumeriň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň tanyşlygy eýesi bary-ýogy sekiz ýaşly gyzjagazka, atyň özi bolsa on iki ýaşyndaka başlandy. Şondan bäri olar aýrylyşmadylar diýen ýaly. Ençeme ýylyň dowamynda Fensi dürli keseller, ýaş aýratynlyklary, görşüň kem-kem peselmegi ýaly kynçylyklary başdan geçirýär. Ýöne baýtalyň eýesiniň aýtmagyna görä, rekordçynyň kesir, özbaşdak hem çakgan häsiýetleri hergiz üýtgemändir.


Häzirki wagtda Fensi ýeke däl. Rouz lakamly eşek onuň ýörite kömekçisi we ýoldaşdyr. Rouz garran hem tas batyl haldaky Fensiniň ýanyndan bir ädim hem aýrylman, oňa ýoluny saýgarmaga kömek edýär.

Haýwanlar wagtlarynyň köp bölegini bilelikde geçirýärler. Bu ysnyşykly dostluk Fensiniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip gitdi.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......