Seýrek ak kit çagasy bilen düşürilen surat awstraliýaly suratça WNPA 2026 bäsleşikde ýeňiş getirdi

  • 02.03.2026 11:15
  • 10k+

«World Nature Photography Awards» (WNPA) halkara bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýylyň netijelerini yglan etdiler. «Tebigat dünýäsiniň ýylyň suratçysy» diýen ada we baş baýraga awstraliýaly Jono Allen mynasyp boldy. Onuň «Mahina» (Mãhina) atly suraty «Suwasty surata düşürmek» nominasiýasynda altyn medala eýe boldy we Allene bäsleşikde umumy ýeňşi getirdi.

Bäsleşige alty yklymyň 51 ýurdundan fotograflar gatnaşyp, müňlerçe iş hödürlediler. Eminler topary suratlara 14 nominasiýa boýunça baha berdiler.

Absolýut ýeňiji we «Suwaasty surata düşürmek» nominasiýasy: Jono Allen (Awstraliýa) — «Mahina».
Surat Tonganyň Wawau tropiki suwlarynda düşürildi. Onda seýrek duş gelýän ak reňkli örküçli kit çagasy şekillendirilýär. Onuň ady Mahina bolup, tonga dilinde «aý» diýmekdir. Şeýle reňk takmynan her 40 000 kitden birinde duş gelýär we bu pigmentasiýanyň ýoklugy (albinizm) bilen düşündirilýär. Ak kitjagaz ummanyň çuňluklarynyň arasynda edil ýagty saçýan ýaly görünýär we ony goraýan ejesiniň ýanynda ýüzüp barýar.

Haýwanlaryň portretleri: Meri Şreýder (Mary Schrader) — «Umumy täsinlik».
Ugandanyň Bwindi milli seýilgähinde ýaş uly dag gorillasy (gorilla zenany) özüne gaty golaý uçup gelen açyk reňkli kebelege haýran galmak bilen seredýär.

Amfibiýalar we süýrenijiler: Dewald Tromp (Dewald Tromp) — «Gum harasatyndaky durnuklylyk».
Namib çölünde Namakwa-hamelýony (çöl hamelýony) gum harasatynyň içinden geçip barýar. Howanyň temperaturasy 45 °C-den ýokary we suw ýok wagty, ýüzüne urýan tozgalara garşy durýan bu jandary planetanyň iň agyr şertlerinde aman galmagyň simwolyna öwürýär.
Beýleki nominasiýalar boýunça ýeňijiler:

Guşlar: Fenkýan Lýu (Fengqiang Liu)

Oňurgasyzlar: Minhueý Ýuan (Minghui Yuan)

Süýdemdirijiler: Waýdehi Çandrasekar (Vaidehi Chandrasekar)

Ak-gara surat: Kristofer Beýker (Christopher Baker)

Sungat: Saýmon Biddi (Simon Biddie)

Adam we tebigat: Dina Sweýnson (Deena Sveinsson)

Landşaftlar we gurşaw: Miki Şpittser (Miki Spitzer)

Ösümlikler we kömelekler: Dunkan Wud (Duncan Wood)

Haýwanlar öz tebigy gurşawynda: Çarli Uemiss-Dann (Charlie Wemyss-Dunn)
WNPA baýragy 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Bäsleşigiň esaslandyryjysy Adrian Dinsdeýl her ýyl işleriň derejesiniň we dürlüliginiň has-da artýandygyny belledi.


19.06.2026 19:36
5.6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....