Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler

  • 27.02.2026 21:58
  • 3.7k+

Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär.

Ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, onuň işgärleri «Dara AI» guralyny resmi hasabatdan öň öz tanyşdyryş işlerini kämilleşdirmek we slaýdlary düzetmek üçin ulanýarlar. Baş direktor emeli aňyň toparlara taýýarlyk işlerini has takyk we netijeli alyp barmaga kömek edýändigini mälim etdi.
Hosrowşahiniň beren maglumatlaryna görä, Uber-iň inžener-programmistleriniň takmynan 90%-i öz işlerinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanýarlar. Işgärleriň 30%-i bolsa kompaniýanyň ulgamlaýyn gurluşyny doly täzeden gözden geçirýän ýokary derejeli ulanyjylardyr.

«Olar ulgamyň gurulýan kerpiçlerini öndürýärler we ulgamyň nähili bolmalydygy barada oýlanýan arhitektorlardyr» diýip, Dara Hosrowşahi belledi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy şeýle gurallaryň ornaşdyrylmagynyň işgärleriň öndürijiligini ozal görülmedik derejede üýtgedýändigini nygtady.


03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......