Google Translate dürli terjime görnüşini hödürleýän emeli aň gurallary bilen üpjün edildi

  • 03.03.2026 16:51
  • 2k+

Google kompaniýasy özüniň Translate (Terjime) goşundysy üçin emeli aňa esaslanýan täze mümkinçilikleri hödürledi. Gemini neýroulgamynyň goşulmagy netijesinde, indi ulanyjylar gündelik söhbetler üçin ýönekeý ýa-da resmi hat-habarlar üçin iş stili ýaly terjimäniň görnüşlerini-de saýlap bilerler.

Esasy täzelikleriň biri hökmünde akylly terjime görnüşlerini bellemek bolar. Şunda ulgam çylşyrymly sözlemleriň ýa-da durnukly söz düzümleriniň terjimesi üçin ulgam birnäçe görnüşleri hödürleýär we olaryň arasyndaky tapawudy düşündirýär. Bu, esasan nakyllar we çeper sözler bilen işlenende örän oňaýlydyr. Şeýle-de sözlemiň manysy we onuň haýsy ýagdaýlarda ulanylýandygy barada çuň maglumat almak üçin «Düşünmek» (Understand) düwmesi göz öňünde tutulandyr.

«Sora» (Ask) düwmesi bolsa ulanyjylaryň terjime baradaky anyk soraglaryna kömek edip biler. Şeýle soraglaryň içinde sözlemiň haýsydyr bir halkyň ýerli gepleşik dilinde nähili manyny aňladýandygy hem girip biler.

Häzirki wagtda bu täzelenme ABŞ-da we Hindistanda Android we iOS-lar üçin niýetlenen programmalarda elýeterlidir. Işläp düzüjiler ýakyn wagtda onuň brauzerler üçin niýetlenen görnüşiniň hem çykaryljakdygyna ynandyrýarlar.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......