Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi

  • 01.03.2026 21:44
  • 9.3k+

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
Saparyň dowamynda ahalteke bedewleriniň milli gymmatlyk we ýurduň esasy nyşanlarynyň biri hökmündäki ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň ahalteke atlarynyň mekany hökmünde atçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýändigi, bu ugurda yzygiderli maslahatlary we forumlary kabul edýändigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylandygyny belledi.
Şu Maksatnamanyň çäginde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çärelere degişli ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlary işjeň çekmek göz öňünde tutulýar.
Saparyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......