13k+

Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 336 raýatyň günäsini geçdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 336 sany raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet Baştutany 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde resminama gol çekip, bu çäräniň eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlara degişlidigini belledi...

5k+

Netflix Teýmirleňiň ömri baradaky filmiň tizerini çykardy

Dünýäniň iň uly striming platformasy bolan Netflix Emir Teýmiriň durmuşyna bagyşlanan täze filminiň tizerini tanyşdyrdy. Kino «Teýmirleň: Iň soňky basybalyjynyň beýgelişi» («Тамерлан: Восхождение последнего завоевателя») diýlip atlandyryldy...

4.1k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

5.1k+

Alymlar Ýer şarynyň çaklamalardan-da çalt gyzýandygyny aýdýarlar

«Geljekdäki Ýer», «Ýer-suw Ligasy» we «Howany öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy» halkara ylmy guramalary Ýer şarynyň klimat ulgamynyň ýagdaýy barada ýyllyk beýanyny çap etdiler. Resminama hemra gözegçilikleriniň maglumatlaryna we köpýyllyk ölçeglere esaslanýar...

3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

5.7k+

Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar

Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi. Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler...

1k+

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar...

6.9k+

Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler...

8.8k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...

2.1k+

Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär...

4.8k+

It eýesiniň irki tapgyrdaky düwnük keselini lukmanlardan öň duýup halas etdi

Beýik Britaniýadaky Kent graflygynyň Hedkorn obasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşly Kollin Fergýuson özüniň Inka atly nemes owçarkasynyň öýken ragyny wagtynda anyklamaga kömek edendigini aýdýar. Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, zenanyň iti özüni adatdakydan üýtgeşik alyp baryp, esasanam eýesiniň dem alşyna aýratyn üns beripdir...

3.8k+

Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler

Fransiýanyň CNRS we INSERM ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Monpelýe uniwersitetiniň alymlary ylymda täze sahypa açan üýtgeşik tejribe geçirdiler. Tejribede dünýäniň iň çydamly jandary hasaplanylýan suw aýylarynyň (tihohodkalaryň) geni Caenorhabditis elegans diýlip atlandyrylýan gurçuklaryň genomyna göçürildi we netijede olaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak başartdy...

2.3k+

«Awatar: Ot we kül» filmi we Tom Kruz «Saturn» baýragyna mynasyp boldy

Los-Anjelesde ylmy fantastika, fentezi we horror žanrdaky filmleri saýlap-seçýän 53-nji «Saturn» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada «Awatar: Ot we kül» filmi iň gowy ylmy-fantastik film diýlip ykrar edildi we Jeýms Kemeron iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy...

5.8k+

Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara ýetdi

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygy soňky aýlarda 400 million dollar artdy. «Forbes» žurnalynyň täze maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 2 milliard dollara ýetdi. Aýdymçy «Forbes World’s Celebrity Billionaires» sanawynda ýedinji orny eýeleýär...

5.8k+

2000 ýaşly Bagdat batareýasy häzir hem işleýän bolup çykdy

Käwagt bir ownujak närse tutuş bir döwür baradaky düşünjäni üýtgedip bilýär. Arheologlaryň we inženerleriň arasynda bir asyra golaý wagt bäri çekeleşiklere sebäp bolup gelýän, «Bagdat batareýasy» ady bilen meşhur bolan syrly tapyndy bilen hem hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy...