Yandex Lew Tolstoýyň golýazmalaryny sanly ulgama geçirer, onda ýazyjynyň sesini-de diňläp bolar

  • 13.03.2026 15:02
  • 2.1k+

Yandex kompaniýasy we «L.N.Tolstoýyň mirasy» halkara gaznasy beýik ýazyjynyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň öňüsyrasynda hyzmatdaşlyk baglaşdylar. Kompaniýa gaznanyň esasy sanly hyzmatdaşy bolar we nusgawy ýazyjynyň edebi mirasyny gorap saklamaga ýakyndan gatnaşar.

Ylalaşyga görä, Yandex L.N.Tolstoýyň Döwlet muzeý-goraghanasynyň golýazma gaznasyny sanlylaşdyrmaga goldaw berer. Bu işiň çäginde iki milliona golaý golýazma sahypasy, şol sanda eserler hem elektron görnüşe geçiriler. Bu gymmatly maglumatlar geljekde Tolstoýyň golýazmalar muzeýini döretmekde esas bolar.

Taraplar «Tolstoýyň sözleri» taslamasynyň barşynda ýazyjynyň mirasynyň sanly ekoulgamyny hem ösdürerler. Bu taslamanyň çäginde awtoryň 90 tomluk eserler ýygyndysy eýýäm sanly görnüşe geçirildi. Şeýle-de emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen arhiw suratlaryny täzeden işlemek, ýazyjynyň sesini dikeltmek, eserleriň sýujetleri esasynda wirtual giňişlik döretmek meýilleşdirilýär

Sanly ulgama geçirilen ähli maglumatlaryň onlaýn usulda elýeterli bolmagy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky alymlara we okyjylara seýrek arhiwler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şol bir wagtyň özünde, Yandex özüniň «Arhiwler boýunça gözleg» hyzmatyny hem barha kämilleşdirýär. Häzirki wagtda bu platformada neýroulgamyň kömegi bilen okalan 22 milliondan gowrak taryhy resminama ýerleşdirilendir.


17.06.2026 11:22
942

VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

15.06.2026 15:41
1.9k+

«Tagtlar oýny» romanyny 30 ýyllygy mynasybetli aždarha derisinden jiltläp, gaýta neşir ederler

Folio Society neşirýaty Jorj R. R. Martiniň «Tagtlar oýny» («Игра престолов») romanynyň kaşaň görnüşli kolleksiýa neşiriniň çykaryljagyny yglan etdi. Kitabyň çykmagy meşhur fentezi tapgyrynyň başlangyjy bolan......

02.06.2026 20:48
1.6k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......