Türkmen raýatlary üçin “ASAN Visa” portaly türkmen dilinde işe girizildi

  • 13.03.2026 17:00
  • 6.4k+

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wiza almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi.

Bu başlangyç Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýete hyzmat we Sosial Innowasiýalar boýunça Döwlet Agentligi (ASAN) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan durmuşa geçirildi.

Täze hyzmat Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza üçin ýüz tutma prosesini has amatly we düşnükli görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda raýatlar «ASAN Visa» portalyna evisa.gov.az/tk/ resmi salgysy arkaly girip, beýleki diller bilen birlikde türkmen dilinde hem elektron wiza üçin ýüz tutup biler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......