Netflix Teýmirleňiň ömri baradaky filmiň tizerini çykardy

  • 13.03.2026 19:32
  • 5k+

Dünýäniň iň uly striming platformasy bolan Netflix Emir Teýmiriň durmuşyna bagyşlanan täze filminiň tizerini tanyşdyrdy.

Kino «Teýmirleň: Iň soňky basybalyjynyň beýgelişi» («Тамерлан: Восхождение последнего завоевателя») diýlip atlandyryldy. Onda beýik hökümdaryň durmuş ýoly, onuň döwlet dolandyran döwründäki bolup geçen möhüm wakalar we şahsy durmuşynyň täsin pursatlary barada gürrüň berilýär.

Film ABŞ-da, Özbegistanda we Gazagystanda surata düşürildi. Baş keşbi daniýaly aktýor Kristian Mortensen janlandyrdy. Emir Hüseýniň keşbini Maheş Jadu, Teýmirleňiň aýalynyň keşbini bolsa özbek aktrisasy Ýulduz Rajabowa ýerine ýetirdi.

Filmiň režissýory Jeýkob Şwars, ssenariýasynyň awtory bolsa Metýu Grindir.

Taryhy drama tomaşaçylara 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde elýeterli bolar.


25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....