Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 336 raýatyň günäsini geçdi

  • 13.03.2026 22:57
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 336 sany raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Döwlet Baştutany 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde resminama gol çekip, bu çäräniň eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlara degişlidigini belledi. Bu karar merhemetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda kabul edildi.

Resminama gol çekilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň gysga wagtyň dowamynda azatlyga goýberilmegini we olaryň öýlerine, maşgalalarynyň arasyna baryp bilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mesele baradaky gürrüňi jemläp, Prezident günäsi geçilen adamlara geljekde Watanyň bähbidine hyzmat edip, öz halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.


düýn 11:17
6.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......