6 ýyllyk tejribesi bolan 10 ýaşly dizaýner Pariž moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny görkezdi

  • 12.03.2026 10:52
  • 4k+

10 ýaşly amerikaly dizaýner Maks Aleksander Pariž moda hepdeliminde öz kolleksiýasyny hödürläp, bu çärede öz işlerini görkezen iň ýaş kutýurýe (ýokary derejeli moda dizaýneri) boldy.

Oglanjyk takmynan alty ýyldan bäri eşik tikmek bilen meşgullanýar. Onuň müşderileriniň arasynda meşhur aktrisa Şeron Stoun hem bar.

Moda görkezilişi mart aýynyň başynda «Opera Garnýe» binasynda geçdi. Podiumda 15 sany obraz görkezildi. Geýimleriň agramly bölegi gaýtadan işlenilen materiallardan — paraşýut matalaryndan, wintaž sumkalardan, köne durmuş toý lybaslaryndan we hindi sarilerinden taýýarlandy.

Dizaýneriň ejesi Şerriniň aýtmagyna görä, Maksuň moda bolan gyzyklanmasy dört ýaşynda peýda bolupdyr. Şonda ol ene-atasyna kutýurýe bolmak isleýändigini aýdyp, maneken satyn alyp bermeklerini haýyş edipdir. Şerri gaýtadan işlemek bilen meşgullanýandygy sebäpli, manekeni öz elinde ýasap beripdir.

Soňra ol oglunyň işlerini jemgyýetçilik torlarynda paýlaşyp başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen oglanjyk meşhurlyk gazandy we onuň Instagram sahypasyna 6 milliondan gowrak ulanyjy agza boldy.

2023-nji ýylyň noýabr ayynda Aleksander Denwer moda hepdeliginde özüniň ilkinji görkezilişini geçirdi. Şonda ol ýedi ýaşynda we 266 gününde bolup, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri ony şeýle şüweleň guran iň ýaş dizaýner hökmünde bellige aldylar.

Oglanjygyň eýýäm bäş ýyl bäri öz hususy brendi bar. Mysal üçin, täze kolleksiýadan bolan latte reňkli penjek 323,95 ýewrodan, agşam lybasy — 1292,95 ýewrodan satylýar. Pižamalar 96,95 ýewro, kenar kostýumlary 193,95 ýewro, strazlar (lowurdaýan daşlar) bilen bezelen breloklar bolsa 24,95 ýewro bahalanýar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....