Gaý Riçi «Kanundan daşary» filminiň ilkinji treýlerini görkezdi: baş rollarda Genri Kawill we Jeýk Jillenhol

  • 11.03.2026 14:33
  • 2.9k+

Black Bear YouTube kanalynda Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» (Вне закона) filminiň treýleri çykdy.

Filmde baş keşpleri Jeýk Jillenhol («Ýol ýakasyndaky öý»), Genri Kawill («Polat adam») we Eýsa Gonsales («Üç jisim meselesi») janlandyrýarlar. Kinonyň daşary ýurt prokatyndaky premýerasy 15-nji maýa meýilleşdirilýär.

Sýužet ýordumy dünýäniň dürli künjeklerinde gizlin işleýän elit agentler topary barada gürrüň berýär. Olar öz täsirinden we häkimiýetinden peýdalanýarlar, şeýle hem ýarag we partlaýjy maddalary ussatlyk bilen ulanmagy başarýarlar.

Wakanyň gidişine görä, birehim hökümdar milliardlarça dollarlyk baýlygy ogurlaýar. Topar bolsa şol serişdeleri yzyna getirmek üçin iberilýär. Ilki bilen öňünden mazaly taýýarlyk görlen deslapky ogurlyk ýaly görnen bu wezipe kem-kemden strategiýalaryň, aldawyň we diri galmak ugrundaky göreşiň giň gerimli garşylygyna öwrülýär.

Filmiň aktýorlar düzümine Rozamund Paýk, Jeýson Wong, Karlos Bardem, Kristofer Hiwýu, Emmett J. Skanlan, Maýkl Wu we Fişer Stiwens dagy hem girýärler.

Taslama Black Bear kompaniýasy we Lionsgate studiýasy tarapyndan hödürlener. Filmiň prodýuserleri Gaý Riçi, Deýw Kaplan, Jon Fridberg we Aýwan Atkinson.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....