Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

  • 12.03.2026 21:12
  • 1.3k+

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär .

Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýordumynyň detallary gizlin saklanýar. Diňe Tarantinonyň baş keşplerde meşhur aktýorlary oýnatmakçy bolýandygy belli.

Režissýoryň soňky çeper filmi bolan "Bir gezek... Golliwudda" 2019-njy ýylda çykypdy. Onuň onunjy we soňky filminiň detallary heniz mälim edilmedi.

Şeýle hem, Tarantino bu filmiň dowamy bolan "Kliff Butuň başdan geçirmeleri" atly filmiň edebi esasyny ýazdy. Dewid Finçer taslamanyň režissýory boldy. Film üstümizdäki ýyl Netflix-de görkeziler.

Mundan hem başga, Tarantino ýakynda aktýorlyk işine gaýdyp geldi. Ol Saýmon Pegg bilen Şarlotta Gensburyň hem surata düşýän "Diňe, bizde bar zat" dramasynda peýda bolar.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....