Emeli aňa duýduryş: 10 müň ýazyjy içi boş kitap neşir etdiler

  • 12.03.2026 00:00
  • 4.8k+

«10 000-e golaý ýazyjy öz eserleriniň emeli aňy işläp düzüji kompaniýalar tarapyndan rugsatsyz ulanylmagyna garşylyk bildirip, «Bu kitaby ogurlama!» atly içi boş kitap çap etdiler» diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Bu başlangyjy goldan awtorlaryň arasynda Kadzuo Isiguro, Filippa Gregori we Riçard Osman ýaly meşhur ýazyjylar hem bar. Kitabyň mazmunyndaky ýeke-täk ýazgy taslama gatnaşan ýazyjylaryň sanawy boldy.

Kitap 10-njy martda Londonda geçýän kitap sergisiniň gatnaşyjylaryna paýlanylyp başlandy. Özi-de bu çäre Beýik Britaniýanyň hökümetiniň awtorlyk hukugy baradaky kanunçylyga teklip edilýän üýtgetmeleriň ykdysady täsirlerine baha bermeli möhletinden göni bir hepde öň geçirildi.

Taslamanyň awtory, kompozitor we sungat işgärleriniň awtorlyk hukuklaryny goraýjy aktiwist Ed Nýuton-Reks: «Emeli aň pudagy rugsatsyz we haky tölenmezden alnan, ogurlanan zähmetiň üstünde guruldy» diýip aýgytly aýtdy. Onuň pikiriçe, generatiw emeli aň kimiň eserinden öwrenen bolsa, soňra şol adamlaryň özi bilen bäsleşip, olary gazançsyz goýýar. Şeýle-de ol hökümeti britan döredijilik işgärlerini goramaga we emeli aň kompaniýalarynyň olaryň zähmetinden peýdalanmagyny kanunlaşdyrmakdan ýüz döndermäge çagyrdy.

Taslama Mik Herron, Marian Kiz, taryhçy Dewid Olusoga we Melori Blekman ýaly tanymal şahsyýetler hem gatnaşdylar.

Kitabyň daşynda Britaniýanyň hökümetiniň awtorlaryň razylygy bolmazdan, emeli aň kompaniýalaryna kitaplary ulanmaga kanuny rugsat bermeli däldigi hakyndaky ýazgy bar. Neşirýatçylar Londonyň kitap sergisinde emeli aňy okatmak üçin eserlerden peýdalanmagy rugsatnamalaşdyrmak baradaky başlangyçlaryny tanyşdyrmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda täjirçilik däl guramalaryň biri neşir edilen eserlere kanuny elýeterliligi üpjün etmek maksatly täze bir ulgamyň üstünde işleýär.

2023-nji ýylyň iýul aýynda-da ABŞ-ly 8000-den gowrak ýazyjy iri tehnologiýa kompaniýalaryna hat ýollap, dil modellerini okatmakda öz tekstleriniň ulanylmagy üçin hak tölenmegini talap edipdiler.


17.06.2026 11:22
942

VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......